«Keşdeçilik - naýbaşy sungat» ady bilen kitap sergisi gurnaldy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Keşdeçilik — naýbaşy sungat» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyzy ösdürmek ugrunda möhüm işleriň alnyp barylýandygy, milli mirasymyz bolan el işlerimiz ene-mamalarymyzyň yhlasy zehinleriniň bardygy, şeýle-de türkmen tebigatyna bolan söýgüsi siňen keşdeleri her bir türkmen halkynyň göz-guwanjy bolup, türkmen zenanlarynyň buýsanjy bolan keşdeleriň gelin-gyzlaryň kalbynyň gözellige ýugrulandygyny, mähir siňen keşdeleriň köp görnüşli bolup köpasyrlyk taryhynyň bardygyny belläp geçdiler.
Çäräniň dowamynda bu ajaýyplyklarymyz asyrdan-asyrlara aýlanyp, elmydama lybaslarymyzyň bezegi bolup, gelin-gyzlarymyzyň gözelligini artdyrýandygy barada gürrüň berdiler.