“Pyragynyň şygyrlary – nesillere ýörelge”


“Pyragynyň şygyrlary – nesillere ýörelge”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 95-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Pyragynyň şygyrlary – nesillere ýörelge” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Çärede çykyş edenler Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň taryhynda edebi mekdebi döredendigi we öz şygyrlarynda ynsanperwerlik, ahlak, edep-terbiýe garaýyşlaryny öňe sürendigi we ol şygyrlary nesillere miras galdyrandygy barada belläp geçdiler.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna has-da möhüm ähmiýeti berilýändigi we onuň mirasy türkmen halkynyň ruhy gymmatlygyna öwrülendigi hakynda gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň bagtyýar geljegi üçin beýik özgertmeleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.