“Çagalaryň söýgüli ýazyjysy” atly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen ussat ýazyjy, şahyr Kaýum Taňrygulyýewiň ömri we döredijiligine bagyşlap, “Çagalaryň söýgüli ýazyjysy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Kaýum Taňrygulyýewiň ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz şahyryň çagalar üçin ýazan goşgularynyň ençemesini çagalara okap berdiler. Çagalar hem ussat ýazyjynyň haýwanlar, gözel tebigat, dostluk barada ýazylan täsirli goşgularyny labyzly aýdyp berdiler. Tapmaça esasynda düzülen goşgularyň dogry jogabyny bilmek üçin özara bäsleşdiler. Gyzykly söhbetdeşligiň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisi kitap söýüji okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.