“Kitaplar-ruhy hazyna”


“Kitaplar-ruhy hazyna”



Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bilelikde gurnamagynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyzda ýaş nesilleriň arasynda ykdysadyýetimiz bilen bir hatarda sazlaşykly ösýän milli medeniýetimiz we sungatymyz, şeýle-de ruhy gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasy bolan kitaphanalarda alnyp barylýan işler hakynda giňişleýin söhbet etmek şeýle hem ýaşlarda kitaba bolan söýgini güýçlendirmek, olarda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan gymmatly eserleriň üsti bilen watançylyk duýgularyny, milli mirasa sarpany, zähmete söýgini döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýokary okuw mekdepleriň talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi.

Bu çärede Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy “Kitap - ruhy hazyna” ady bilen göçme kitap sergisini gurnady.

Bu gurnalan kitap serginiň üsti bilen kitaphana işgärleri: Kitaby halkymyz könelmeýän hazyna deňäp, her birimiz üçin ýakyn syrdaş bolýandygy barada şeýle hem kitapsyz ylym-bilimi göz öňüne getirip bolmaýandygyny, talyp ýaşlara okamagy, bilim almagy, dünýä gymmatlyklaryna akyl ýetirmegi, olardan baş alyp çykmagy üçin kitap okamaklygyň zerur bolup durýandygyny aýdyp geçdiler. Kitap okamak jemgyýetiň, esasan-da ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň aň-düşünjesini özgertmekdäki ornunyň juda ýokarydygyny, kitaby köp okaýan adamyň ukyp-başarnygynyň ýokary derejede bolýandygy barada şeýle-de kitap atly mukaddesligiň ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olaryň dünýägaraýşyny özgertmekde, öz Watanyna, ene topragyna bolan söýgini has-da artdyrmakda uly ähmiýetiniň bardygyny giňişleýin açyp görkezdiler.

Çäräniň ahyrynda ýaşlara okamaga, işlemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.