“Medeniýet we sungat – kalbyň joşguny” atly döredijilik duşuşygy.


“Medeniýet we sungat – kalbyň joşguny”
atly döredijilik duşuşygy.



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Gökderedäki “Altyn ýyldyz” çagalar dynç alyş merkezinde Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Medeniýet we sungat – kalbyň joşguny” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga döredijilik işgärleri hem gatnaşdy. Bu merkezde dynç alýan çagalar türkmen medeniýetini, sungatyny wasp edýän goşgulary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlaryny labyzly okap berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen medeniýetini, sungatyny, nusgawy edebiýatyny ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.