“Garaşsyz, Bitarap dessanly Diýar”
Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýuna bagyşlanan dürli dabaralar şatlyk-şowhuna beslenip yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hem Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk toýuna bagyşlanyp “Garaşsyz, Bitarap dessanly Diýar” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabara halypa kitaphana işgärleri, ýazyjy- şahyrlar, we okyjylar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler, ösüşler dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler we ýazyjy-şahyrlar özleriniň ýazan ajaýyp şygyrlaryndan okap berdiler.
Dabaranyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan “Garaşsyzlyk alyp galkynan türkmen” ady bilen giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy.