DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI


DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI



«Ynsan kalbynyň öçmejek nury» ady bilen Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramy we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri, şahyr Süleýman Ilamanow çykyş edip, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda alnyp barylan beýik işler, beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada giňişleýin gürrüň etdi.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen şygryýetiň şasy Magtymguly Pyragynyň umman ýaly edebi mirasyny öwrenmekde, giňden wagyz etmekde ýurdumyzda we dostlukly ýurtlarda alnyp barylýan köp ugurly işleri hakynda aýratyn belläp, özüniň Garaşsyz Watanymyzyň gülleýişli ösüşlerine we dana Pyraga bagyşlan goşgularyny okady. Kitaphana işgärleri bilen sowal jogap alyşdy.

Döredijilik duşuşygynyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan beýik işlerini wasp edýän, Magtymguly Pyragynyň dürdäne goşgularyna döredilen aýdymlary belent heňde ýerine ýetirdiler. Bu ýerde guralan sergide Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna sowgat eden kitaplary, Magtymguly Pyragynyň dürli ýyllarda neşir edilen goşgular ýygyndylary giňden ýaýbaňlandyryldy.