«Ylym-bilim – ýaşlaryň ýaraşygy»


«Ylym-bilim – ýaşlaryň ýaraşygy»



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda iýun aýynyň 11-ne Gökderedäki «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde 12-nji iýun - Ylymlar gününe bagyşlap, «Ylym-bilim – ýaşlaryň ýaraşygy» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp barýan ýaş nesilleriň ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada şeýle-de ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde alnyp barylýan işler barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphananyň gurnan «Ylym – röwşen geljege alyp barýan ýol» atly göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.

Sergide Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary şeýle-de türkmen halk ertekileri ýerleşdirildi. Çagalar ol kitaplary uly höwes bilen okadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.