“Kitaphanalarda ylym we tehnologiýa maglumatlary” ady bilen onlaýyn halkara ylmy- amaly konferensiýasy geçirildi


“Kitaphanalarda ylym we tehnologiýa maglumatlary” ady bilen onlaýyn halkara ylmy- amaly konferensiýasy geçirildi



2022-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Medeniýet ministirliginiň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, Russiýa, Özbegistan, Azerbaýjan, Täjigistan, Türkiýe, Hytaý döwletlerinden 165 hünärmeniň gatnaşmagynda “Kitaphanalarda ylym we tehnologiýa maglumatlary” ady bilen onlaýyn halkara ylmy- amaly konferensiýasy geçirildi.Taraplar kitaphanalarda alnyp barylýan innowasion işler, bitewi elektron kitaphana ulgamy , şeýle hem sanly ulgam, täze iş usullary dogrusynda alnyp barylan işler, şol ugurda gazanylan üstünlikler, geljekde şu ugurdaky işleri ösdürmek, okyjylaryň talabyny ýokary derejede kanagatlandyrmak,kitaphana işlerini kämilleşdirmek barada giňişleýin söhbetler edildi.
Duşuşykda öňdebaryjy taslamalar, toplumlaýyn sanlaýyn başlangyçlar, innowasion iş-hereketiň mysallary, şeýle hem 2022-nji ýylda halkara kitaphana hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmekligiň mümkinçilikleri tanyşdyryldy.
Halkara onlaýyn duşuşyklarynyň geçirilmegi döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň has hem berkemegine uly ähmiýet berer. Medeniýetleriň biri-biri bilen ýakynlaşmagy bolsa döwletleriň abadan, parahat ýaşamaklygyna we ösüşlere getirýär.
Bu gurnalan onlaýn konferensiýasynyň ikinji bölüminiň dowamynda taraplar ýakyn geljek üçin ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar,sorag-jogap alyşdylar.
Bu geçen onlaýn maslahatynda iş dogrusynda edilen söhbetler ýurtlaryň kitaphanaçylarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has hem berkitmeklige uly ähmiýet berer. Taraplar ýurt Baştutanlarynyň taýsyz tagallalary, döredip beren giň mümkinçilikleri üçin köp sag bolsunlar aýtdylar.