“Türkmeniň kämil paýhasy, döwürlere saçýar ýalkym”


“Türkmeniň kämil paýhasy, döwürlere saçýar ýalkym”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynda “Türkmeniň kämil paýhasy, döwürlere saçýar ýalkym” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň durmuşymyza ornaşdyran täzeçillikleriniň umumadamzat bähbitlerinden ugur alýandygy we durmuşa geçirýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler. Esasan hem ýurdumyzda ynsanyň içki dünýäsini özgerdiji güýç hasap edilýän kitaba uly hormat goýulýanlygy şeýle-de kitaplarda halkymyzyň parahatçylyk, asudalyk, watansöýüjilik ýörelgesiniň gadymy kökleri, häzirki döwürdäki ösüşleri dogrusyndaky ajaýyp pikirler beýan edilýär. Türkmen halkynyň durmuş ýörelgesine öwrülen ynsanperwerlik, adamkärçilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgesiniň arkama-arka geçip gelmeginiň jemgyýetçilik ähmiýetli nusgalyk eserlerde aýdyň şöhlelendirilýändigi barada gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda her bir ýyly beýik üstünliklere, bedew batly ösüşlere beslenip gelýän parahat ýurdumyzda dost-doganlyk ýoly bilen ýetilen bagtyýar durmuşyň geljekde hem dowamat-dowam boljakdygy barda giňişleýin söhbet etdiler.
Çäräniň ahyrynda ata Watanymyzy, halkymyzy beýik ösüşleriň, bagtyýarlygyň, pähim-parasadyň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny arzuw etdiler.