«Arkadagly Serdarymyzyň pähiminden, öňe barýar baky Bitarap Watan» atly aýdym-sazly dabara geçirildi


«Arkadagly Serdarymyzyň pähiminden, öňe barýar baky Bitarap Watan» atly aýdym-sazly dabara geçirildi



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda «Aşgabat» söwda we medeni dynç alyş merkezinde kitaphananyň okyjylary bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli «Arkadagly Serdarymyzyň pähiminden, öňe barýar baky Bitarap Watan» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda Watan mukaddesligi, hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, ata-babalarymyzyň Bitarap Watan ugrunda geçen şöhratly ýoly barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de geçen 28 ýylyň dowamynda ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda bitirilen beýik işler, ýetilen belent sepgitler barada aýratyn nygtaldy. Dabara gatnaşan kitap söýüji okyjylar hem hemişelik Bitaraplygymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän goşgudyr, aýdymlary uly höwes bilen aýdyp berdiler.

Gurnalan göçme kitap sergisi dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň «Bitarap Türkmenistan», «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitaplary hem-de beýleki neşirler ýerleşdirildi.