Goç ýigidiň ganaty bedew


Goç ýigidiň ganaty bedew

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň dürli künjeginde uly dabaralara beslenýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Türkmen halysynyň milli muzeýinde «Miras» teleýaýlymynyň «Medeni miras» gepleşiginiň döredijilik topary bilen bilelikde «Goç ýigidiň ganaty bedew» atly söhbetdeşlik geçirdi.

Hünärmenimiz teleýaýlymyň üsti bilen geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda türkmeniň ahalteke bedew atlarynyň tohum aýratynlygy, duýgurlygy, wepadarlygy, ýyndamlygy we owadanlygy barada dürli rowaýatlary, tymsallary gürrüň berdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Ganatly bedewler», «Atda wepa-da bar sapa-da» atly kitaplary, şeýle-de beýleki dürli neşirler esasynda gurnalan sergi hem aýratyn täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň maddy we ruhy gymmatlyklaryna uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.