Şanly wakalara buýsanç


Şanly wakalara buýsanç



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda «Şanly wakalara buýsanç» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde täze ýylyň öňüsyrasynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyny bütin halkymyza sowgat etmegi şeýle ýalkymly, ýatdan çykmajak wakalaryň biri bolanlygy, Hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan bu eseri çuňňur many-mazmuna eýedir. Şöhratly ýylymyzyň şanly wakalaryndan söz açýan setirler, bizi hiç wagt hakydalardan öçmejek şol taryhy pursatlara hemra edýär. Bu ajaýyp eseriň özümiziň, halkymyzyň döwletimiziň bagtyýar geljegine bolan beýik ynamy has-da berkidýänligi barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda eziz Watanymyzy ösüşiň belent sepgitlerine ýetirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.