“Mukam bolup ýüreklere siňerin” atly türkmen bagşylary barada söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda türkmen halkynyň ussat bagşy-sazandalarynyň döredijiligine bagyşlap, “Mukam bolup ýüreklere siňerin” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen aýdym-saz sungatynda yz goýan ussat bagşy-sazandalar, olaryň ýerine ýetiren ajaýyp aýdym-sazlary barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyza Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp kitaplarynda aýdym-saz sungaty, halypa-şägirtlik ýoly barada beýan edilen gymmatly maglumatlary okap berdiler. Şeýle-de kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi okuwçylarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.