“Güneşli ülkäniň gözel tebigaty” atly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy
ýaňy-ýakynda iň körpe okyjylary bilen bilelikde “Güneşli ülkäniň gözel tebigaty” atly söhbetdeşlik geçirdi. Kitaphanamyzyň hünärmeni Türkmenistanyň gözel tebigatynyň, nurly mekanymyz bolan türkmen topragymyzyň üýtgeşik özüne çekiji we örän baý tapylgysyz tebigaty bardygyny çagalara gürrüň berdi. Bu söhbetdeşlikde Türkmenistanyň goraghanalary barada gürrüň berdi.
Türkmenistanyň gözel tebigatyny wasp edýän türkmen ýazyjylarynyň goşgulary bilen çagalar çykyş etdiler. Türkmenistanyň gözel tebigatyny wasp edýän gurnalan sergi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligimiziň dowamynda ösüp gelýän ýaş nesillere uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.