Magtymguly sözle herne bileniň
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde «Magtymguly sözle herne bileniň» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemäge uly ähmiýet berilýär. Bu işde söz ussatlarmyzyň eserleri ygtybarly serişde bolup hyzmat edýär. Gürrüňdeşlikde söz ussatlarymyzyň biri hem akyldar şahyrymyz Magtymguly atamyz hakynda, onuň pähim parasatly, öwüt-ündewe ýugrulan şygyrlary halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan terbiýe mekdebiniň nusgasydygyny, akyldar şahyryň goşgularynda watana söýgi, mertlik, batyrlyk, wepalylyk ýaly terbiýe meselesine bagyşlanyp ýazylandygyny nygtap geçdiler.
Gürrüňdeşligiň dowamynda Magtymguly atamyzyň çuňňur many-mazmunly şygyrlary adamzat ýaşaýşynyň ruhy çeşmesi bolup, söz ussadynyň bir supranyň daşyna jem bolup bir döwlete gulluk etmäge çagyran dana pikirleri, öwüt-nesihatlary halkymyzyň we döwletimiziň ýörelgesine öwrülendigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.