Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy, Aşgabat şäher Köpetdag etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Aşgabat şäher Köpetdag etrap Geňeşi bilen bilelikde guramagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli «Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar» ady bilen wagyz – nesihat duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzyň barha rowaçlanýandygy, gadam basan 2024-nji ýylymyzyň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşdyrylmagy, eziz diýarymyzda akyldar şahyrymyza goýulýan hormatyň, sarpanyň beýikdigini görkezýär. Şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar Watanyň daýanjy» atly ilkinji eseri, biziň ählimiz üçin gymmatly ýol-ýörelge bolup, türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlanyp ýazylan bu eseriň terbiýeçilik ähmiýeti, we olaryň geljekdäki wezipelerine bagyşlanmagy döwletimizde ýaş nesillere bildirilýän ynamyň örän uludygyny, watançy ýaşlaryň beýik geljegimizi gurujylarydygyny görkezýändigi barada gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.