“ El işleriniň seresi – mährem ene keşdesi” atly söhbetdeşlik.
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerimiziň iň naýbaşylarynyň biri bolan keşdeçilik sungatynyň inçe syrlaryny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek maksady bilen “El işleriniň seresi-mährem ene keşdesi” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýüpek sapakly iňňäniň we çeper elleriň ýördümi bilen döreýän ajaýyp inçe sungat, oňa siňen gyz-gelinleriň arzuw-yhlasy, on barmagynyň gudraty, ukyp-başarjaňlygy, ýiti zehini, sabyrlylygy, ýadawsyz zähmeti barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň nesillere nusgalyk el hünäri barada ýaşajyk okyjylarymyza gyzykly gürrüňler berildi. Hünärmenlerimiz höwesjeň gyzjagazlara keşde çekmegiň inçe tilsimlerini öwretdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli el işlerimizi ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.