“Toý toýlanýar Medeniýetiň şanyna’’
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň
inžener–tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde gurnamagynda “Toý toýlanýar Medeniýetiň şanyna” ady bilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň baý medeni we edebi mirasyny öwrenmekde, ony baýlaşdyrmakda, şu günki we geljekki nesillere ýetirmekde alnyp barylýan işler bu günki günde oňyn netijelerini görkezýändigi şeýle-de türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine näçe çuň aralaşdygyňça, onuň setirleriniň syrly ýumagy paýhaslar älemine alyp gidýän şahyryň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýetiniň örän uludygy barada giňişleýin çykyş etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň inžener – tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň aýdym-saz topary milli medeniýetimizi, Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.