“Garaşsyzlyk joşguny” atly täze kitap


“Garaşsyzlyk joşguny” atly täze kitap



Türkmenistanyň Medeniýet ministirligi tarapyndan berlen bu ýygyndylar kitaby türkmen medeniýetimiziň milli teatr sungatymyzyň döwrebap ösüşine önjeýli goşant goşan, halkyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan pýesalary öz içine alýar. Pýesalarda eziz Watanymyzyň asyrlara şöhrat çaýýan şanly taryhy wakalary, ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan beýik zähmet ýeňişleri, halkymyzyň şöhratly ogullarynyň we zenanlarynyň edermenlikleri, milli buýsanjymyza öwrülen dünýä nusgalyk medeni baýlyklarymyz, däp-dessurlarymyz, çeper keşpleriň üsti bilen açylyp görkezilýär.
Garaşsyzlyk joşguny: Pýesalar ýygyndysy. II kitap. / jog. B. Çaryýew, B. Annabaýewa. – A: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2022 – sah. 637.