“Hormatly Prezidentimiziň kitaplary – halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň waspçysy”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynda “Hormatly Prezidentimiziň kitaplary – halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň waspçysy” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly eserinde türkmen halkynda gadymdan gelýän seýisçilik sungaty, onuň ýüze çykyşy, taryhy, inçe syrlary bilen bagly, hem-de seýisçilik sungatynyň döräp, kämilleşip biziň günlerimize gelip ýetmeginde uly işler bitiren meşhur seýisçileriň ömür ýoly barada şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň milli gymmatlygymyz alabaý itlerimiz dogrusynda söhbet açylýan “Türkmen alabaýy” atly kitabynda gadymyýetden şu güne ýetirilen milli gymmatlyklarymyz bolan türkmen alabaý itleriniň gylyk häsiýetleriniň aýratynlyklary açyp görkezilýändigi, taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly gadymy döwürlerden bäri alabaý itleriniň
saýlap-seçip ýetişdirilýändigi, barada giňişleýin gürrüň berildi.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, türkmen ruhuny belende galdyrýan ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagy arzuw edildi.