“Iň wepaly dostumyz” atly söhbetdeşlik


“Iň wepaly dostumyz” atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen türkmen alabaý itleri barada “Iň wepaly dostumyz” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyz bilen Hormatly Prezidentimiziň müňýyllyklardan gözbaş alyp gelýän asylly ýörelgelerimizi dowam etdirip, ýurdumyzda milli baýlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaýynyň eldekileşdirilip , ösdürilip ýetişdirilmegine döredip berýän giň mümkinçilikleri barada täsirli gürrüňler etdiler.
Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda türkmeniň wepadar dost hökmünde garaýan alabaý itleriniň arassa ganlylygy, duýgurlygy, çydamlylygy, olaryň ösdürilip ýetişdirilişi barada ýazylan ajaýyp setirlerini kitap söýüji körpejelere okap berdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda okyjylarymyz hem çagalar ýazyjylarynyň it barada döreden goşgularynyň birnäçesini uly höwes bilen labyzly aýdyp berdiler.
Dabaranyň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.