“Kämillik keşbini kalplara çiten”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynda “Kämillik keşbini kalplara çiten” ady bilen wagyz-nesihat çäre geçirildi.
Çärede ýazyň-güýziň şahyry türkmen edebiýatynda yz goýan şahyr Gurbannazar Ezizowyň şahyrana dünýäsi onuň durmuşynda gymmatly hazyna bolan kitaplar dünýäsi barada, milli aýratynlygyny saklap ähli babatda gülläp ösýän ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş neslimizi sagdyn ruhda terbiýelemäge, kitaplaryň üsti bilen olaryň aňyna eziz Watana, ene topraga bolan çäksiz söýgini ornaşdyrmaga ýardam berýändigi şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesillerimiz Gurbannazar Ezizow şahyryň ajaýyp kitaplaryny uly gyzyklanma bilen okaýarlar.
Çäräniň dowamynda ata watanymyzy, ýurdumyzy, parahat durmuşymyzy wasp edýän ýazyjy-şahyrlarymyzyň döreden birnäçe eserleri barada sorag-jogap alyşyldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda medeniýetimizi, sungatymyzy, uly ösüşler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.