« Sagdynlyk-ýaşaýşyň, gülläp ösüşiň gönezligidir»


« Sagdynlyk-ýaşaýşyň, gülläp ösüşiň gönezligidir»



Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 68-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda «Sagdynlyk-ýaşaýşyň, gülläp ösüşiň gönezligidir» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Bu çärede Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitabyny halkymyza peşgeş bermegi bereketli türkmen topragynda ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerini öwrenmäge we gadymy halk lukmançylygyny häzirki zaman lukmançylygynda giňden peýdalanmaga mümkinçilikleriň döredilenligi, raýatlarymyzda sporta bolan söýgüni döretmekde, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde, halkymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmekde, ýaşlarymyzyň sagdyn we ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda netijeli işleriň durmuşa geçirilýänligi barada gyzykly gürrüň etdiler.