Sagdyn bedenli ýaşlar biziň geljegimizdir


Sagdyn bedenli ýaşlar biziň geljegimizdir



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň küşt we şaşka mekdebinde «Sagdyn bedenli ýaşlar biziň geljegimizdir» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän bedentertbiýe we sport barada döwlet syýasaty halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmegi, beden we ruhy taýdan kämil nesil kemala getirmegi ugrunda uly tagallalar edilýändigi barada belläp geçdiler. Şeýle-de köpçülikleýin bedebterbiýäni we sport hereketini ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmaga uly üns berilýändigi, adam saglygyny berkitmekde, bedenterbiýäniň we sportuň ornunyň örän uludygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.