“Keşdeçilik-gadymy hem-de müdimi sungat”


“Keşdeçilik-gadymy hem-de müdimi sungat”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Medeniýet köşgüniň bilelikde gurnamagynda “Keşdeçilik-gadymy hem-de müdimi sungat” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede Türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu sungatyň kämilligi bilen nesilden-nesile geçip, mynasyp dowam etdirilýändigi, türkmen halky asyrlaryň dowamynda döreden, milli medeni gymmatlyklary bilen dünýä halklaryň arasynda giňden tanalýandygy, türkmen gelin –gyzlarynyň döreden nagyşlary dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna önjeýli goşant goşan kämil medeni gymmatlyklaryň hatarynda meşhurdygy, keşdeçilik sungaty hakynda söz açylanda, nusgawy şahyrymyz Mämmetweli Keminäniň: “Meniň dilim, seniň eliň hünäri, nusga bolup galsyn ilden-illere” diýen goşgy setirleri bada-bat ýadyňa düşýär. On barmagyndan dür dökülýän zähmetsöýer zenanlar bu tarypa aňryýany bilen mynasypdygy, asylly elleri işli ene- mamalarymyz özleriniň we nesilleriniň, ýagny ogul-gyzlarynyň, egin-eşiklerini öz milli nagyşlarymyz salnan keşdeleri bilen bezändikleri, oglan çagajyklarynyň ezýaka köýneklerini, kellelerine geýýän başgaplaryny, gyz çagalaryna gültahýalary, köýnekleriniň ýakalaryny keşdeläp bezäp olara öz ýürek mähirlerini siňdirendigini, şeýdibem, olara öz nesillerine asylly görüm-görelde görkezip, edep-terbiýe bermek bilen elleriniň işli, edepli, asylly maşgala bolup kemala gelmeginde nusgalyk görelde bolandyklary barada çykyş edenler gürrüň berdiler.

Terbiýe ýörelgelerimizi dowam etdirmekde we wagyz etmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömürleriniň uzak, il – ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.