Sagdyn nesil – bagtyýar durmuş


Sagdyn nesil – bagtyýar durmuş



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen bagly giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, baş bilim müdirliginiň 84-nji orta mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede edilen çykyşlarda döwrümiziň bezegine öwrülen ýollar, ösüp gelýän ýaş nesle ýol hereketiniň kadalaryny gündelik ýatladyp durmakda ata – eneleriň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň uly ornunyň bardygy barada aýratyn nygtaldy.

Çäräniň ahyrynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýurdumyzyň ýollarynda asudalygy goramakda döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.