“Milli medeniýetim, milli sungatym”
Aşagabat şäher medeniýet müdürliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Aşgabat şäher häkimliginiň Bagt köşgi toý-dabaralary merkezinde “Milli medeniýetim, milli sungatym” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlik Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilip, onda çykyş edenler her bir güni toýdur baýramlara beslenýän Diýarymyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramlarynyň uly dabara bilen bellenilýändigini, medeniýeti halkyň kalbyna deňeýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamynyň hem has-da ösýändigini, özgerýändigini, medeniýet ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler üçin ähli amatly şertleriň döredilendigini, dünýä ülüňlerine laýyk gelýän medeniýet öýleriň, teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, sungat mekdepleriniň, medeni dynç alyş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi medeniýet ulgamyna edilýän bimöçber aladalaryň nyşany bolup durýandygy hakynda giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň halypa bagşylarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym-sazlary ýaňlandy.
Çäräniň ahyrynda medeniýetimiziň, sungatymyzyň hak howandary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.