«Maslahatly menziller bilen aýdyň geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň bilelikde gurmagynda «Maslahatly menziller bilen aýdyň geljege tarap» ady bilen wagyz – nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda uly işleriň durmuşa geçirilýändigi, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerinden ugur alyp gelýän ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy, ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşlary, ýaşlar barada aýdan parasatly sözleri, eden sargytlary, döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlenen netijeleri, Türkmenistanda gazanylan üstünlikleri barada giňişleýin çykyş etdiler.