Taryhy medeni seýilgähine gezelenç


Taryhy medeni seýilgähine gezelenç

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, «Arkadag» teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda «Türkmen halkymyzyň gadymy taryhy ýadygärlikleri» ady bilen gezelenç gurnaldy.

Arkadag şäherimizde ýerleşýän «Taryhy medeni seýilgähine» Arkadag şäheriniň 2-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 4-nji «A» synp okuwçylaryny geçmişi taryhy galalarymyz, şeýle-de birnäçe Ahal sebitindäki kümmetleriň we metjitleriň taryhy bilen tanyşdyryldy. Bu gezelenç çagalaryň aňlaryna uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä ýaýmana döredip berýän mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.