Zehin joşguny


Zehin joşguny

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Ýaşlyk» teleradioýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň halk ýazyjylary we Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýeleri şahyrlar K.Gurbannepesow hem-de G.Ezizowa bagyşlanyp «Zehin joşguny» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda şahyrlarymyzyň ömri we döredijiligi barada, olaryň bize miras goýan ajaýyp goşgularynyň ýaş nesilleri terbiýelemeklikde ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Biziň häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýazyjydyr şahyrlarymyza goýýan hormat-sarpasy netijesinde ýaş nesiller bilen ussat halypalarynyň, döredijilik ýoly hakynda yzygiderli söhbetdeşlikler geçirilip durulýar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserlerini ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.