“Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy”


“Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli “Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde Garaşsyzlyk ýyllary içinde şan-şöhratly geçen ýollary, gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, myhmansöyerlik däpleriniň asylly ýörelgelere öwrülendigi, milli gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, däp-dessurlarymyzy berjaý etmäge uly mümkinçilikleriň döredilendigi, mukaddes Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan bäri ýetilen beýik sepgitler, ösüşler barada giňişleýin gürrüň edildi.
Çärä gatnaşan döredijilik işgärleri öz ýürek buýsançlaryny goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.