«Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwri-köňülleriň joşguny»


«Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwri-köňülleriň joşguny»



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwri-köňülleriň joşguny» atly edebi-duşuşyk dabarasy geçirildi. Dabarada çykyş edenler Garaşsyz Diýarmyzda özüniň Arkadag Lideriniň daşyna jem bolan halkymyzyň, bagtyýar zamanamyzyň şüküranalyk toýuny toýlaýandygy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiziň görülip eşidilmedik üstünliklere eýe bolandygy, halkyň baý medeni mirasyny dikeltmekde asyrlara barabar işler bitirilýändigi barada gürrüň berdiler.
Dabaranyň çäklerinde «Hemişelik Bitaraplyk Bagtymyz» atly sergi gurnaldy.
Sergide hormatly Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary, türkmen medeniýetine we sungatyna degşli kitaplar sergilendi we olar dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.