Magtymguly Pyragy şygryýet äleminiň söz ussady


Magtymguly Pyragy şygryýet äleminiň söz ussady

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy şygryýet äleminiň söz ussady» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde gündogar edebiýatynyň söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýunyň toýlanýan günlerinde 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şeýle gymmatlyklaryň biri bolan türkmen nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligini we edebi mirasyny öwrenmek, wagyz etmek boýunça uly işler durmuşa ornaşdyrylýandygy dogrusynda belläp geçdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň umman ýaly giň, deňiz ýaly çuň ajaýyp eserleriniň many-mazmun taýdan juda baý bolup, ýaş nesillere terbiýe mekdebi bolup durýandygy hem-de akyldar şahyryň şygyrlary döredijilik bilen iş salyşýan her bir adam üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen edebiýatymyzda yz galdyran şöhratly pederlerimiziň döredijiligini edebi mirasyny öwrenmäge, onuň gadyr-gymmatyny ýitirmän ýaş nesillerimize ýetirmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.