“Watan täji Arkadagly Serdarym”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen “Türkmengaz” döwlet konseriniň medeni-işewürlik merkeziniň bilelikde gurnamagynda “Watan täji Arkadagly Serdarym” ady bilen kitap sergi gurnaldy we wagyz-nesihat çäre geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň her bir güni şanly wakalara, taryhy senelere beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň abadan hem eşretli durmuşda ýaşamagy babatda edýän aladalary netijesinde watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagy üçin, ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik, watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna, hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.