«Magtymguly Pyragy – söz şalygynyň soltany» atly şygryýet bäsleşigi


«Magtymguly Pyragy – söz şalygynyň soltany» atly şygryýet bäsleşigi

Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Magtymguly Pyragy – söz şalygynyň soltany» atly şygryýet bäsleşigi geçirildi. Welaýat kitaphanasynda geçirilen bäsleşige çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar uly höwes bilen gatnaşdylar. Bäsleşigiň başlangyç tapgyrynda olaryň döreden goşgulary toplanyp, alnyp, eminler tarapyndan seljerildi. Welaýat kitaphanasynda geçirilen esasy tapgyrynda bolsa okuwçylar eminleriň beren ýumuşlaryny ýerine ýetirip, gysga wagtyň içinde şygyr setirlerini döretmek başarnygyny görkezdiler. Bäsleşikde ýeňiji bolan okyjylara baýraklar gowşuryldy.

Bäsleşigiň çäklerinde «Akyl dünýäsiniň sönmez çyragy» atly kitap sergisi hem guraldy. Bäsleşige gatnaşyjylar döretmäge we okamaga döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.