«Türkmenistan - asudalyk dessany»


«Türkmenistan - asudalyk dessany»



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hemişelik Bitaraplygmyzyň şanly 25 ýyllyk toýy mynasybetli edebi duşuşyk agşamy geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dünýäniň ähli ýurtlary we abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykyp, halkara giňişligindäki abraýy has-da pugtalanýar. «Türkmenistan- Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly senesi mynasybetli geçirilýän çäreler ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berýär. Döwlet kitaphanasynda geçirilen dabara ýazyjy-şahyrlar, halypa kitaphana işgärleri gatnaşyp ýurdumyzyň ösüşlerini, özgerişlerini, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýetilen belent sepgitler barada täsirli söhbetleri etdiler we şahyrlar ajaýyp goşgularyndan okap berdiler. Dabaranyň soňunda mähriban Arkadagymyza jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklar arzuw etdiler.