«Teatr sungaty-köňülleriň aýnasy»


«Teatr sungaty-köňülleriň aýnasy»



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda türkmen teatr sungatyna bagyşlanyp, «Teatr sungaty-köňülleriň aýnasy» atly edebi-duşuşyk dabarasy geçirildi. Bu dabara ýurdumyzyň teatrlarynda zähmet çekýän halypa we ýaş artistler gatnaşdylar. Dabarada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde medeniýet we sungat ulgamynda alnyp barylýan işler barada hem-de türkmen teatr sungatynda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle-de dabarada artistler sahnada ýerine ýetirýän keşplerinden gysgajyk bölekleri bilen çykyş etdiler.

Bu dabaranyň çäklerinde «Teatr-durmuşyň aýnasydyr» atly giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy. Bu kitap sergisinde hormatly Prezidentimiziň kitaplary, teatr sungatyna degişli, şeýle-de gazet-žurnalyň sahypalarynda medeniýet ulgamyna degişli makalalar ýerleşdirildi.