“ Haly dokamak käri – terbiýäniň nusgalyk täri” atly döredijilik duşuşygy (Halypa kitaphanaçysy we halyçy zenan Şalar Öräýewa bilen döredijilik duşuşygy)


“ Haly dokamak käri – terbiýäniň nusgalyk täri” atly döredijilik duşuşygy (Halypa kitaphanaçysy we halyçy zenan Şalar Öräýewa bilen döredijilik duşuşygy)



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda “ Haly dokamak käri – terbiýäniň nusgalyk täri” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen zenanlarynyň näzik elleri bilen keser tutup, çitim çitip döreden ajaýyp sungat eseri bolan nepis halylarymyzy dokamagyň syrlary, bu inçe sungady döretmekde ulanylýan gurallar, sapaklarynyň aýratynlygy, reňk öwüşgini barada täsirli gürrüňler edildi. Mekdebiň halypa kitaphanaçysy, halyçy zenan Şalar Öräýewa höwesjeň, bilesigeliji okyjylarymyzy keser, synny, darak, temen, eriş, argaç, dürli boýagly ýüpler, alaja ýüp, badalga ýüpi, baslyk ýüp, küji ýüpi, topraklyk ak ýüp we başga-da haly ýüwürtmegiň we dokamagyň gadymy usullaryna gerekli bolan dürli ýüpler we enjamlar bilen ýakyndan tanyşdyrdy. Halyçy zenan haly dokamagyň inçe syrlaryny ýaşajyk okyjylarymyza ussatlyk bilen öwretdi.
Kitaphanamyzyň hünärmenleri hem hormatly Prezidentimiziň “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly ajaýyp kitaplarynda beýan edilen nepis halylarymyz baradaky täsin maglumatlary ýaşajyk okyjylarymyza aýdyp berdiler. Halyçylyk sungatyna gerekli bolan dürli gurallar hem-de dürli haly önümleri esasynda gurnalan göçme sergi hem çagalarda aýratyn täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milliliklerimizi ýaş nesillerimize has giňişleýin ýetirmek babatda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.