«Il bähbitli özgertmeler»
Türkmenistanyň Medeniýet, Sport, Syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň we Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň bilelikde gurnamagynda «Il bähbitli özgertmeler» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Dabarada çykyş edenler 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilip, onuň çäklerinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edilendigi we ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň iki palataly gurluşynyň döredilendigi we bu iri jemgyýetçilik-syýasy wakanyň ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak möhüm seneleriň biri bolandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly aldalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, il bähbitli ýurt ähmiýetli alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmekligini arzuw etdiler.