Ýaşlar–watanyň daýanjy


Ýaşlar–watanyň daýanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli medeniýetimizi ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar–watanyň daýanjy» atly kitabyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi, Aşgabat şäheriniň Beýik Serdar nesilleri ýöriteleşdirilen 75-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda kitaphana synyny geçirdi.

Hormatly Prezidentimiziň kitapda: «–Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip belläp geçýär. Watanymyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, döretmegi, gurmagy, işlemegi we ýaşamagy barada uly aladalar edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.