Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýeti


Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýeti



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Gypjak medeniýet öýüniň bilelikde gurnamagynda «Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýeti» ady bilen wagyz – nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýmakda, we mundan beýläk-de ösdürmekde uly işleriň alnyp barylýandygyny belläp geçdiler. Ata babalarymyzyň umumadamzat gymmatlyklarynyň ösmegi üçin dünýä giňişliginde alyp barýan beýik işlerine bolan buýsanjymyzyň artmagynda hormatly Prezidentimiziň her bir eseriniň gymmatly çeşmedigi, ol kitaplaryň birnäçe dillerde neşir edilmegi, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny we ýörelgelerini ýaşlarymyza, geljekki nesillerimize miras goýmaga hem-de bütin dünýäde giňden wagyz – etmäge aýratyn ähmiýetiniň bardygy, häzirki döwürde ýaşlarymyzyň medeni mirasymyzy giňden öwrenmegini, olaryň gorap saklanmagyny we geljekki nesillerimize ýetirmekde terbiýeçilik ähmiýetiniň bardygy barada täsirli gürrüň berdiler.