Ýaz dünýäni täzeleýär
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebi bilen bilelikde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda bellenilen meýilnama esasynda mart aýynyň 19-na Halkara Nowruz baýramy mynasybetli «Ýaz dünýäni täzeleýär» atly aýdym-sazly dabara geçirdi. Dabaranyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde ajaýyp aýdymlar ýaňlandy. Şeýle-de «Nesil» gazetiniň uly habarçysy Akgül Saparowanyň Nowruz baýramynyň milli däp-dessurlary, taryhy, gelip çykyşy, milli tagamlary barada aýdyp beren täsirli gürrüňleri okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň dowamynda 132-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň, kitap söýüjileriniň, çeper höwesjeňleriniň ýerine ýetiren çykyşlary tomaşaçylarda, myhmanlarda uly täsir galdyrdy.
Dabaranyň dowamynda gurnalan göçme sergi okuwçylarda uly gyzyklanma döretdi. Sergide Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary, Nowruz baýramyna bagyşlanan beýleki neşirler, türkmen milli şaý-sepleri, el işleri, dürli gurjaklar okuwçylaryň ünsüni özüne çekdi.
Çäräniň ahyrynda milli baýramçylyklarymyzy uludan belläp geçmäge, däp-dessurlarymyzy ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.