Hemişelik bagtyň daňy atandyr, Şöhlesini şu güne saçan, Pyragy


Hemişelik bagtyň daňy atandyr, Şöhlesini şu güne saçan, Pyragy

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň kitaphanasynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen bilelikde gurnamagynda «Hemişelik bagtyň daňy atandyr, Şöhlesini şu güne saçan, Pyragy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Çärede Gündogaryň Beýik şahyry we akyldary türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejesinde dabaraly bellenilýändigi, häzirki wagtda ýurdumyzda we daşary ýurtda Magtymguly Pyraga bagyşlanan mowzuklaýyn duşuşyklar, forumlar tanyşdyryş dabaralary, beýik döredijilik çäreleriniň geçirilýändigi, türkmen medeniýetiniň halkara guramasynyň «Türksoý» 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi onuň golýazmalar toplumynyň BMG-nyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Ýunesko» «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilendigi barada we akyldar şahyryň şygyrlarynyň häzirki döwürde terbiýeçilik ähmiýeti hakynda giňişleýin çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.