Ata Watany goramak mukaddes borçdyr


Ata Watany goramak mukaddes borçdyr



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 133-nji orta mekdepde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Ata Watany goramak mukaddes borçdyr» ady bilen wagyz- nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak, ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri, her bir türkmen maşgalasynyň perzendine berýän öwüdi, bagtyýar durmuşumyzyň asudalygyny goramak we türkmen ýigitleriniň Watançylyk terbiýesi we olaryň Watançylyk ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekleri şeýle-de Mähriban Arkadagymyzyň kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler. Dabaranyň dowamynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.