«Döwletlilik, parahatlyk, dost-doganlyk ýörelgämiz»


«Döwletlilik, parahatlyk, dost-doganlyk ýörelgämiz»



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Bagtyýarlyk etrabynyň Medeniýet köşgünde «Döwletlilik, parahatlyk, dost-doganlyk ýörelgämiz» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylýandygy, pederlerimizden miras galan gadymy däp–dessurlarymyzyň çuň many- mazmunda, täze öwüşginlerde has-da baýlaşdyrylýandygy, dünýä gymmatlyklarynyň arasynda mynasyp orun alan milli gymmatlyklarymyzyň barha artýanlygy, hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly pähim – paýhasa ýugrulan ajaýyp kitabynda halkymyzyň halallyk, zähmetsöýerlik, edermenlik, myhmansöýerlik, adalatlylyk we beýik döwlet gurmak baradaky ýol-ýörelgelerini çeper beýan edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çärede mähriban Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplaryndan, şeýle-de ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän kitaplardan gurnalan sergi oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.