Kitap okamak çaganyň ösüşine örän peýdaly
Kitap okamak çagalarda dürli başarnyklaryň, ukyplaryň ýüze çykmagyna kömek etmek bilen birlikde, olaryň pikirlenişini, ukybyny-da ösdürýär. Şeýle-de kitap okamagyň düşünjäňi baýlaşdyrýandygy, beýniniň işjeňligini artdyrýandygy hemmä bellidir.
Yzygiderli kitap okaýan çagalar mekdepde ber¬len ýumuşlary ýeňillik bilen ýerine ýetirip, ene-atalarynyň we mugallymlarynyň işlerini-de aňsatlaşdyrýar. Çagalarynyň ökde, bilimli bolmagy üçin eden aladalarynyň miwesini görmek isleýän ene-atalar, ilkinji nobatda, olaryň okamak endigini ös¬dürmäge üns berseler dogry bolar.
Kitap okaýan çagalaryň pikirleniş ukyby gitdigiçe ýitelip, ýerlikli oýlanmagy, pikiri orta atmagy başarýarlar, söz baýlygy bilen daş-töweregindäkileri diňledip bilýärler. Adamyň gylyk-häsiýetiniň, taryha we medeniýete bolan söýgüsiniň kämilleşmegi onuň okamak, öwrenmek endigi bilen deň ösýär. Şonuň üçin olaryň telewizora ýa-da telefonlara güýmenip, kitap okamak endigini ýitirmeklerine ýol bermeli däl.
Kitap okaýan ýa-da kitap okalyp berlen çagalaryň aň-düşünjesi, beýleki çagalara garanyňda, has baýdyr. Pikirlenmegiň bilim bilen bilelikde kemala gelýändigi sebäpli, çagalar alýan biliminiň derejesine görä pikirlener. Sebäbi maglumatlar bilen berkidilen pikirler ýatda gowy galýar. Kitap okaýan çagalaryň aragatnaşyk etmek ukyby artýar. Häzirki maglumatlaryň we aragatnaşygyň ösýän döwründe özüni gowy açyp bilýän adamlaryň üstünlik gazanýandygyny nygtamak gerek. Yzygiderli okamak çagalaryň aňsat öwrenmek we haýsydyr bir meselede dogry karara gelmek ýaly ukybyny-da ösdürýär, şahsyýet hökmünde kemala gelmeklerine uly goşant goşýar.
Aýlar HANOWA