“Gözel bardyr gözellerden zyýada” atly döredijilik bäsleşigi


“Gözel bardyr gözellerden zyýada” atly döredijilik bäsleşigi



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna, halk çeper döredijiligine aýratyn sarpa goýulýar. Gadymdan gelýän el işlerini çuňňur öwrenmek, olaryň taryhy we medeni ähmiýetini halk köpçüligine giňden ýaýmak, ýaş nesillerimiziň milli mirasymyza bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrmak döwrümiziň maksady bilen “Gözel bardyr gözellerden zyýada” atly döredijilik bäsleşigi ýaş gelin-gyzlaryň çeper el işleri, mähriban Watanymyzyň ösüşlerini, bagtyýar ýaşlygy belentden wasp etmek, ýaş nesillerimizi türkmeniň asylly ýörelgelerine wepalylyk ruhunda terbiýelemek barada döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň Usuly kitapnama bölüminiň bölüm müdiri Garajaýewa Gülälek we kitaphananyň kitaphanaçysy Mämmedowa Gülnar çeper el işleri hem-de halk döredijiliginden hüwdi ýerine ýetirip baýrakly orunlara mynasyp boldular.