«Halk oýunlary – milli edep mekdebi»
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda bellenilen meýilnama esasynda tomusky dynç alyş möwsüminde iýun aýynyň 18-ne Gökderedäki «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Halk oýunlary – milli edep mekdebi» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphananyň hünärmenleri bu merkezde dynç alýan çagalara türkmen milli oýunlary, ol oýunlaryň taryhy, nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada täsirli gürrüňler berdiler. Çagalar türkmen milli oýunlarynyň bir görnüşi bolan «Aýterek-günterek» oýuny şeýle-de küşt, düzzim oýunlary boýunça özara bäsleşdiler. Kitaphananyň gurnan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Olar sergide ýerleşdirilen kitaplary uly gyzyklanma bilen okadylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.