“Saglyk arassaçylykdan başlanýar”




Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy 82-nji orta mekdepde “Saglyk arassaçylykdan başlanýar” ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi.
Çärede hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin giň ýol açyp berendigi, saglygy goraýyş ulgamynda uly sepgitlere ýetilendigi, ählitaraplaýyn amatlyklary we mümkinçilikleri bolan döwrebap saglyk merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilendigi şeýle-de alym Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň diňe bir ýokary çeperçilik derejesi boýunça tapawutlanman, eýsem halkymyzyň saglygyny berkitmekde we ony goramakda bahasyna ýetip bolmajak egsilmez çeşmedigi, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, keselleriň öňüni almakda, olary öz wagtynda bejermekde uly işleri alnyp barylýandygy we onuň talaplaryna laýyklykda arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmek her bir adamyň saglygynyň we sagdynlygynyň girewidigi barada giňişleýin gürrüň edildi.
Çäräniň dowamynda hormatly Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan saglyk ulgamyna degişli kitaplaryndan gurnalan sergi bilen tanyşdyryldy.